nar nar

[na:r]

Botanika Köplenç yssy ýurtlarynda ösýän, miwesiniň içi digir-digir, turşumtyk süýji däneler, daşy galyň gabyk bilen örtülen agaç we onuň miwesi.

  • Biz almadan başlap, tä nar ekilen meýdana çenli aýlanyp çykdyk. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Onda erik-de, alma-da, ülje-de, garaly-da, şetdaly-da, nar-da bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Onuň alma ýaňakly tegelek aý ýüzi nar ýaly gyzardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Iki ýyllyk narlar, injirler heniz miwe getirmän, ösüp barýan ýaş çaga ýaly inçemik boýlaryny ýaňy ýetiripdirler. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • nar-da
  • nara
  • narda
  • nardan
  • nardyr
  • narlam
  • narlar
  • narlaryna
  • narlaryndaky
  • narlaryndan
  • narlaryň
  • narly
  • narlyk
  • narlyny
  • narlynyň
  • narmy
  • narmydyr
  • narsyz
  • nary
  • naryn
  • naryna
  • narynda
  • naryndaky
  • naryndan
  • naryny
  • narynyň
  • naryň
  • naryňa
  • naryňda
  • naryňy