namyssyzlyk at

[na:myssyzlyk]

Namysy ýokluk, mertebesi peslik, binamyslyk, arsyzlyk.

  • Şu namyssyzlygyňy indi taşla, ýogsa-da sen bizden git! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Indi näme işlemeli? Ýa namyssyzlyga salyp geziberlemelimi? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem namyssyzlyk - namyssyzlygy.