namys na‧mys at

[na:mys]

  1. Umumy hormata laýyk bolan, ahlaklylyk, ýokary mertebä eýe bolan wyždan.

    • Namys hemme zatdan öňdedir. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Watanyň namysyny goramak.

  2. Ar, utanç, haýa-şerim bilen baglanyşyklyk bolan duýgy.

    • Şol barada Artygyň namysynyň özüniňkiden öteräkdigini ýadyna saldy. Seniň aryň, seniň namysyň -- meniň namysym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

namys bilmek

Bir zady utanç hasap etmek, peslik bilmek.

  • Babahan öz gyzyny bir garyp guluna bermegi özüne namys bilýär. («Edebiýat»)

  • Men şonuň ýaly ilden çykan mülhit bilen sud öňünde durmagy özüme namys bilýärin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

namys etmek

Aýyp bilmek, çekinmek, utanmak.

  • Hakymyzyň köýenine bir neme namys edýändiris. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

namys getirmek

Biabraý etmek, abraýdan düşmegine sebäp bolmak.

  • Sen biziň kolhozymyza namys getirdiň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

namysa goýmak

Dilini gysga etmek, betnam etmek, masgara etmek, erbet utandyrmak.

  • Hiç wagt namysa goýmadym seni. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

namysyna degmek

  1. Abraýdan düşmegine sebäp bolmak, betnam etmek, biabraý etmek, mertebesini pese gaçyrmak.

    • Aýgülüň ilki söýgüsiniň şowsyzlygy Annatuwagyň namysyna degen bolsa, onuň ýaňadan gaýtalanmagyna ol çydap biljek däldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. El degirmek, zorlamak.

namysyny depelemek

Mertebesini peseltmek, hatyrasyny aşak düşürmek, masgara etmek.

  • Soňa bakan perileriň namysyny depelamäge başlapdyrlar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)


Duş gelýän formalary
  • namysa
  • namysam
  • namysdan
  • namysdanmy
  • namysdyr
  • namyslarda
  • namyslaryndan
  • namysly
  • namyslylygy
  • namyslylygynyň
  • namyslylyk
  • namysmy
  • namyssyz
  • namyssyzlar
  • namyssyzlaryň
  • namyssyzlyga
  • namyssyzlygyňy
  • namyssyzlyk
  • namysy
  • namysy-da
  • namysydyr
  • namysym
  • namysyma
  • namysymdan
  • namysymy
  • namysymyz
  • namysymyzy
  • namysymyň
  • namysyn
  • namysyna
  • namysyndan
  • namysyny
  • namysynyň
  • namysyň
  • namysyňy