namaz

[nama:z]

Dini söz Musulmanlaryň aýat, doga okap, Hudaýa ýüzlenmeklik däbi.

  • Agşam namaz wagtlary onuň öýüne bardym. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Namazy hem bileňok, orazany hem bileňok. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Men saňa: -- Namaz oka! -- diýemok ahyry. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Häzir namaz wagty däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)