namartlyk

[na:ma:rtlyk]

  1. Namart ýagdaýda boluş, mert dällik, ejizlik, gorkaklyk, bigaýratlyk.

    • Gyz ogurlamaklyk juda namartlyk bolar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Sözünden dänmeklik, sözünde tapylmazlyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem namartlyk - namartlygy.