namart na‧mart

[na:ma:rt]

Bigaýrat, gorkak, bolgusyz.

  • Häzirki ýaly aýgytly minutda gorkyny, howatyry diňe namartlar agzap biler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Namart asgyn ger her ýerde, Ýow gün özün salar derde. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Namart aş üstünde arlar. (nakyl)

  • Mert özünden görer, namart -- ýoldaşyndan. (nakyl)

  • Namarda zar bolandan, gara derýa gark bol. (nakyl)

  • Assa gaçan -- namart. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem namart - namardy.


Duş gelýän formalary
  • namarda
  • namardam
  • namardy
  • namardyndan
  • namardynyň
  • namardyň
  • namardyňky
  • namart-da
  • namartdan
  • namartdyr
  • namartja
  • namartlar
  • namartlaram
  • namartlary
  • namartlaryň
  • namartlyga
  • namartlygy
  • namartlygyna
  • namartlygyny
  • namartlygynyň
  • namartlygyň
  • namartlyk
  • namartlykda
  • namartlykdan
  • namartlykdy