nalyş at

[na:lyş]

Zaryn zeýrenç, zaryn ses, çekilýän ahy-nala.

  • Hudaýa müň gezek nalyş edeniňden, doktora ýekeje gezek sançdyraýmaly ekeni. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Eýsem-de bolsa, Aýnanyň haýyşy, enäniň nalyşy ony wagtlaýyn köşetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Nurjanyň ejesiniň dadyna Taňry-da ýetmändi, ýeliň piri-de onuň nalyşyny eşitmändi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)