nallatmak işlik

[na:llatmak]

Nal kakdyrmak, nal berkitdirmek.

  • Kakam ussa ädigini nallatdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem nallatmak - nalladýar, nalladar, nalladypdyr.