nalajedeýin

[na:la:jedeýin]

Hiç zatdan başy çykmaýan, iş oňarmaýan, başarnyksyz, bihepbe, gowşak, gözgyny.

  • Ol bir nalajedeýin ahyry! -- diýip, janygyp gürleýändikleri ýadyna düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Özüň nalejedeýin-le, irräkden malyňy barla, gördüň-ä malyň ýokmy, derrew maňa duýdur! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Wah, men nalajedeýine seretsene! (G. Gurbansähedow, Hekaýa)