nakyl

Öwüt, nesihat, tälim berýän gysga manyly halk aňlatmasy.

  • «Dagy-daşy ýol bozar, dost arasyny söz bozar» diýen nakyl bar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Gurt özünüň hemişeki gylygyna görä hiç bir gürrüňini nakylsyz ýa-da mysalysyz aýtmaýardy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Hoşgeldi beýik alymlaryň parasatly sözlerini nakyl hökmünde ulanýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)