nagyşly na‧gyş‧ly sypat

Nagyş çekilen, nagyş salnan, nagyş edilen, bejerilgi.

  • Goçmyradyň aýaly üçin owadan nagyşly ýüň ýaglyk, at -düýe berlen ýaly boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ine, ol hat! -- diýip, owadan nagyşly sandykdan haty çykaryp oňa uzatdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Nagyşly gabsanyň iki ýanyny hem birden açdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • nagyşla
  • nagyşlady
  • nagyşlydyr
  • nagyşlylyk