nagyşlamak işlik

Nagyş bilen bejermek, nagyş salmak, nagyş çekmek.

  • Nagyşlap ýolladym ol gahrymana, ýönekeý sylagjyk, ýene bir ýaglyk. (K. Işanow, Watan Üçin)

  • Bir ellik, bir sany temmäki gabyň, Keşdeläpdir üstüni oň nagyşlap. (N. Amanow, A. Kawusow, Balykçylar)

  • Düzüpdir mekdebe şeýle bir albom, Goýupdyr oň gyralaryny nagyşlap, Açsaň her sahypa durşuna bir tom. («Sowet edebiýaty» žurnaly)