nagyş at

Matanyň, halynyň, kagyzyň we ş. m. zatlaryň ýüzüne salynýan bezeg, çekilýän çyzym.

  • Bu halynyň näzik çitimi ýönekeý, hemişeki çitimden iki esse gür, nagyşlary-da nepis. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Seredýän, seredýän gözüm aýyrman, bu gözel binanyň her bir nagşyna. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Näme üçin biriniň daşyna haly göli, birine kürte keşdesi, birine jambörük nagşy, birine gursakça çyzymy salmadyka! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem nagyş - nagşy.