nagra

Ýaragdan galan ýara yzy.

  • Nasretdin şanyň okunyň salan nagrasy görünýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

nagra çekmek

  1. Ah çekmek, arman çekmek;.

  2. Gazaply ses bilen aýylganç gygyrmak, elhenç ses etmek.

    • Iki arslanyň söweş meýdanynda çekýän haýbatly nagralary topçy ýigitleriň gaýratyna gaýrat, güýjüne güýç goşýardylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Aždarlar nagra çekip, arslanlar arlaşardy. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)