nabat

[naba:t]

Gazanda gaýnadylýan, içine sapak oklanyp taýýarlanylýan şaha-şaha ýa kesmekli tokga tutan süýji.

  • Çaý haltanyň üstünden bir düwürjik nabady aldy-da, agzyna salyp, käsäni göterdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Demini alan çaýy gaýtaryp berer, gant, nabat owradar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem nabat - nabady.