näzik

  1. Inçeden edilen, nepis.

  2. Ýaşajyk, terje, täzeje.

    • Olaryň gözlerin pyntyk ýaryp, näzik ýapraklar bilen bezenen agaçlary synlaýan ýalydy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Mähirli, ýakymly.

    • Hojaýyn kyrk ýaşly aýalynyň näzik ýüzünden ogşady. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Kupämiz ýaňlanýar näzik sesinden. Oň ýuwaşja aýdym aýdýan mahaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Ynjyk, öýkelek.

    • Näzik adam.

  5. Tiz döwülýän, berk däl, port.

    • Näzik agaç.

    • Näzik gural.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem näzik - näzigi.