näumyt

[näumy:t]

Umydy bolmadyk, umytsyz, tamasyz.

  • Geçirilen berk agtaryşy öz gözi bilen görüp duran gulman näumyt boldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem näumyt - näumydy.