nätmek işlik

«Näme etmek» sözünden ýasalan goşma söz.

  • Onuň içi asyl daşyndan görnüşine meňzemese nätjek. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Serwi agajyň saýasynda solsa gül, nätmek gerek? Serwiden tabyt kylyp, gülden kepen etmek gerek. (Myraly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem nätmek - nädýär, näder, nädipdir.