näsazlyk

[näsa:zlyk]

  1. Arasy bozuklyk, oňşuksyzlyk, agzalalyk.

    • Aramyzda bir azajyk näsazlyk hem bolýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Zaýalyk, bozuklyk, haraplyk.

    • Sagadyň işleýşiniň näsazlygy.

  3. Saz dällik, ritmik dällik.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem näsazlyk - näsazlygy.