närazylyk

[nära:zy:lyk]

Biri bilen bir zat barada ylalaşmazlyk, razy dällik, makul görmezlik.

  • Päle meselesinde, bije atyşlykda görnetin zorlukda il arasynda närazylyk köpeldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem närazylyk - närazylygy.