näler

  1. «Nämeler» sözüniň gysgalan formasy.

    • Siziň ilde näler bar?

  2. Şunça köp, öwran-öwran.

    • Men oňa: -- Edýäniň bolanok! -- diýip näler aýtdym, emma ol maňa gulak asmady.

  3. Örän, zerur.

    • Bize bolsa agaç ussasy näler gerek! (H. Ysmaýylow, Powestler)

    • Wah, enäniň öz ogluny näler bagryna basasy gelýärdi. («Mydam Taýýar» gazeti)