näbelet

Birine, bir işe ýa-da bir ýere belet bolmadyk, tanyşlygy ýok bolan, habarly däl, nätanyş.

  • Ol näbelet şäherinde köçeleriň nireden nirä gidýänini bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bu näbelet adamsyny suwly äkidip, suwsuz getirer. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem näbelet - näbeledi.