näçe sypat

  1. Haýsy mukdarda, nähili mukdarda.

    • Meniň aýalym näçe zähmet gazandyka? (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Neneň, köp, nähili, nätüýsli.

    • Gowaça şeýle bir ösümlik, şeýle bir ekin, muny näçe taryplasaň, ýene az. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • näçede
  • näçeden
  • näçedi
  • näçedigem
  • näçedigi
  • näçedigine
  • näçedigini
  • näçedir
  • näçeler
  • näçelerde
  • näçeleri
  • näçelerimiz
  • näçeligine
  • näçeligini
  • näçeliginiň
  • näçeräk
  • näçesi
  • näçesinde
  • näçesine
  • näçesini
  • näçesiniň
  • näçä
  • näçämiz
  • näçämiziň