myzaýyk my‧za‧ýyk at

[myza:ýyk]

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem myzaýyk - myzaýygy.

myzaýyk etmek

Ynjyklyk etmek, göwnüňe almak, argynlyk duýmak.

  • Düýeler uzak ýoly myzaýyk etmän, äwmezlik bilen gadam urýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Baýlaryň özi ony onçakly myzaýyk etmänleri üçin, ýene şowhun başlandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sen eliňe ýa diliňe ýokan kirjagyzy myzaýyk etjek bolsaň bagt guşy gelip, seniň başyňa gonmaz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol aýalynyň gözi ýok ýaly süssenekläp gelmegini myzaýyk etmän, aradan biraz salym geçirenden soň, şeýle diýdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)