myssyk mys‧syk

  1. Terligi gaçan, ýumşan, myssaran.

  2. Täzeden ýumşak (çörek hakda).

    • Saçak doly çöregiň orta lap düşmegi, onuň aç gözüni ýerine getirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Göçme manyda Mylaýym, ýakymly.

    • Begenç Maýsanyň myssyk ýaňagyndan ogşady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem myssyk - myssygy.


Duş gelýän formalary
  • myssyklyk