mysal my‧sal

[mysa:l]

  1. Bir zat düşündirilende, subut edilende görkezilýän, getirilýän delil, tymsal.

    • Garry mätel galdy günäkär ýaly, ol geçen günleriň diri mysaly. («Oktýabr ýalkymy»)

  2. Matematika Pikir arkaly hasap edilip çözülýän gönükme.

mysal almak

Görelde almak, tälim almak, öwrenmek.

  • Sen hem bir mahallar bolansyň şeýle, şondan mysal alyp, gel kömek eýle. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

mysal üçin

Mysal bolar ýaly, meselem.

  • Mysal üçin: Abdyl şu ýerde önüp-ösen, Ahat bolsa, Watanymyzyň uzak künjeginden-Çuwaşystandan gelen. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • mysal-da
  • mysala
  • mysalda
  • mysaldaky
  • mysaldan
  • mysaldyr
  • mysaldyrlar
  • mysallar
  • mysallara
  • mysallaram
  • mysallarda
  • mysallardaky
  • mysallardan
  • mysallardyr
  • mysallary
  • mysallarydyr
  • mysallarymyzdaky
  • mysallarymyzdan
  • mysallaryna
  • mysallarynda
  • mysallaryndaky
  • mysallaryndan
  • mysallaryny
  • mysallarynyň
  • mysallaryň
  • mysallaryňa
  • mysalmy
  • mysalsyz
  • mysaly
  • mysaly-da
  • mysalydy
  • mysalydyr
  • mysalym
  • mysalymda
  • mysalymyz
  • mysalymyzda
  • mysalymyzdaky
  • mysalymyzy
  • mysalymyzyň
  • mysalyn
  • mysalyna
  • mysalynda
  • mysalyndadyr
  • mysalyndaky
  • mysalyndan
  • mysalyndandyr
  • mysalyny
  • mysalynyň
  • mysalyň
  • mysalyňda