myrlamak myr‧la‧mak işlik

  1. Myr-myr edip seslenmek, myrryldyly ses çykarmak (pişik hakda).

    • Pişik myrlaýar.

  2. Çalaja hor çekip, süýji ukuda ýatmak.

    • Onuň gapdalyndaky jigisi guzy ýaly myrlap ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Myraly hiç zat diýmän, ýuwaşja myrlap ýatany üçin, aýal iň soňunda durup bilmän, Myralynyň boýnundan gol salypdyr. (Myraly)


Duş gelýän formalary
  • myrlady
  • myrlamak
  • myrlap
  • myrlasy
  • myrlaýar