Basyp, basmarlap ezmek, owratmak.
Ol ädikli aýaklary bilen taşlan mahorkasynyň üstünden basyp mynjyratdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Göçme manyda Ýok etmek. Basyp öldürmek.
Mynjyradyp faşizmiň baryny, Saklarys Watanymyzyň namys-aryny. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Tilkini aýagy bilen basyp, tas mynjyradan eken. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem mynjyratmak - mynjyradýar, mynjyradar, mynjyradypdyr.