mynasyp

[myna:sy:p]

  1. Laýyk bolan, taý gelýän, barabar bolan.

    • Diýýärdi: --Gözel gyz, görmegeý ýigit, bular bir-birine mynasyp jübüt. («Sowet Edebiýaty» žurnaly)

    • Ol çyn saňa mynasyp gyz. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Gelşikli, ýaraşakly, çemeli.

    • Onuň tegelek ýüzüne mynasyp gözleriniň üstünde gyýma gara gaşlary bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Gardaş gaty gitme sen hetdenaşa, ýönekeýlik mynasypdyr her kişä. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mynasyp - mynasyby.