mylaýymlyk

[myla:ýymlyk]

  1. Gaty dällik, ýumşaklyk.

  2. Maýyllyk, ýylylyk (howa hakda).

    • Howanyň mylaýymlygy.

  3. Ýylylyk derejesi, ýakymlylyk, ýylylyk (suw hakda).

    • Suwuň mylaýymlygy hemmeler üçin ýaramly.

  4. Gulaga ýakymlylyk, hoş owazlyk (ses hakynda).

  5. Göçme manyda Açyk göwünlilik, hoş gylyklylyk, süýji sözlülik, alçaklyk.

    • Onuň örän mylaýymlyk bilen özüne habar gatandygyny ýadyna saldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Dürnebat howla ugramakçy bolanda, mylaýymlyk bilen ýylgyrdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mylaýymlyk - mylaýymlygy.