mylaýym sypat

[myla:ýym]

  1. Göwne ýaramly, göwne hoş ýakýan.

    • Mahmal ýaly mylaýym meýdanda seýalkalar hatara tohum dökýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Maýyl, salkyn (howa hakda).

    • Mylaýym howaly iýul agşamy, ýerler bugarýardy günüň çoguna, mylaýym tebigat ýeňil dem alýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Birneme ýyly, ýylymsy, ne sowuk, ne yssy (suw hakda).

    • Mylaýym suw.

  4. Gulaga ýakymly, gulaga hoş degýän (ses, owaz hakda).

    • Aýsoltan mylaýym hem degişmek heňini duýdurýan ses bilen söze başlady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  5. Göçme manyda Açyk göwünli, hoş gylykly, göwne ýakymly, süýji sözli, alçak, mylakatly, sypaýy.

    • Görmäge sypaýy, gepleşmäge mylaýym adam. («Tokmak» žurnaly)