myş-myş

Bolan ýa-da bolandygy konkret däl, il arasyna ýaýran, toslama, çaklama.

  • «Myş-myşyň» soňunyň çyna barandygyny gören Hajy gyzlaryň ýüzüne seredip ýylgyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Munça dökülýän ganlara sebäp bolýanlaryň bir ýany şol «myş-myş» habarlar dälmi? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)