murt

  1. Erkek adamlaryň ýokary dodaklarynyň üstünde ösýän irimçik gyl, tüý.

    • Ol bir wagtlar özüniň gür we hyrsyz murtlaryny goýberipdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Onuň adyny ilki eşideniň de murty syh-syh bolup duran epeý bir adamynyň suraty gözüň öňüne gelýär. («Tokmak» žurnaly)

  2. Käbir haýwanlaryň, mör-möjekleriň seňriginde, tumşugynyň üstünde ösýän tüýler.

    • Murtlaryny gymyldadyp, tarakan suwa bakýar. («Mydam Taýýar» gazeti)

  3. Käbir ösümlikleriň ujundaky towlam-towlam çyrmyşýan injejik baldagi (üzüm, gawun-garpyz, biýarasy we ş. m. hakda).

    • Onuň biýarasy göm-gök bolup, sary murtlary dik ýokaryk towlanýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Sarylt murtlary al-asmana azm urýan gawun biýaralary serlişip ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem murt - murtum, murtuň.

murt tabamak

Jahyllyk çagyna ýetip, mazaly murt çykmak, jahyl çykmak, ýetişmek.

  • Ýaňyja murt tabandy meňi bardy ýanakda. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Emma onuň oňly murty tabamadyk tegelek ýüzünde üýtgeşik bir zat saýgarmandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

murta bar bermek

Synanyp haýbalanmak, murtuňdan neşe gözlemek.

murtuň towly bolsun!

Mydama keýpiň kök bolsun, işiň rowaç bolsun diýen manyda aýdylýan alkyş.

  • Işiňiz şowly bolsun! Murtuň towly bolsun! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

murty palta kesmez ýaly bolmak

Kämillik ýaşyna ýetmek, güýçli, zor bolmak.

  • Obadan ygyp düşen adamlar --Sähet, bu ýyl seniň murtuňy palta kesmez -- diýdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

murty syh-syh bolmak

Gaharly, haýbatly görnüşde bolmak.

  • Onuň murty syh-syh boldy.