murdar

[murda:r]

Pis, erbet, ýigrenji, ýaman.

  • Daşy jäjek, içi möjek murdaryň, eýesi däldir ol belli bir käriň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Heý, murdar! Näme beýle gygyryp dursuň? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

murdaryny aşyrmak

Ýigrenji, nejis bolup görünmek.

  • Sadap Akmyradyň murdaryny aşyryp barşyna gaharlandy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Näme murdaryny aşyryp ýatyrsyň, tur-da, gazanyň astyna ot ýak! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)