mumyýa

[mu:myýa]

Dagyň uçut gaýalarynda bolýan, medisina we önümçilik üçin ähmiýetli gara-gök reňkli jisim.

  • Tebip tapyljagyna, şol döwügiň sepini kebşirlejek mumyýa el ýetirjegine onuň akyly çatmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Dagyň ýylçyr gaýasyndaky mumyýa gözüň ýetip durka, şony ele salyp bilmeseň, nebsiň agyrar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýigidiň bu görnüşi mumyýadan edlen ýadygärlige meňzeýardi. («Kolhoz Günleri»)

dagdan mumyýa tüpeňlän ýaly

Örän kyn, çetin (iş, mesele hakda).

  • Husyt adamdan dilegiň bitirjek bolsaň, edil dagdan mumyýa tüpeňlän ýaly bolýar.