mumly sypat

[mu:mly]

Mum çalnan, mum sürtülen.

  • Ana bir dükanda ädikçiler, aýakgapçylar iki dyzlarynyň arasyndaky gönlerden mumly sapaklary eýläk-beýläk çaltlyk bilen çekýärler. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem mumly - mumluda, mumlular, mumlusy.

agzy mumly ýaly

seret agyz

  • Agzy mumly ýaly, ýöne sülmüräp oturanmyş. («Tokmak» žurnaly)