mum-helim

[mu:m-heli:m]

mum-helim bolmak

seret mum-helime dönmek

  • Görineli mum-helim bolşuna seret, ýagşy gyzyrjagyny gygyrýar-da, onsoň hem: --Meni bagyşlaň! -- diýen bolýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

mum-helim etmek

  1. Örän uýumsak hala öwürmek, gaty owratmak, myžžygyny çykarmak.

    • Bäşim elindäki bir bölejik kesegi owradyp, mum-helim edipdi. («Kolhoz Günleri»)

  2. Täsir edip meýmiretmek, erk-ygtyýaryny almak, gowşatmak, ýumşatmak.

    • Men onuň bilen gürleşip-de durmanyň, ýogsam onuň mylýagymlygy, mähribanlygy meni mum-helim eder. (Şekspir, Otello)

mum-helime dönmek

  1. Mum-helim bolmak, ýumşak hala öwrülmek, gaty owranmak, myžžygy çykmak.

    • Gaýrasy gum, ilersi dag, düz meýdan Depelenip, mum -helime dönüpdir. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Bir zadyň täsiri ýetmek zerarly meýmiremek, erk-ygtyýarlygyny aldyryp ýuwaşamak, gowşamak.

mum-helime öwrülmek

seret mum-helime dönmek

  • Iru-giç düşersiň meniň elime, Şonda öwrülersiň muma-helime. (D. Baýmyradow, Söýgi We Mekirlik)

  • Bu boz meýdan mum-helime öwrülýär.