muşdak

Könelişen söz Güýçli söýýän, intizar, aşyk.

  • Didara muşdak biz, ol bize dilber. Haçan geler, dostum, bize habar ber! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Artyk Aýnanyň didaryna muşdak bolup oturdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem muşdak - muşdagy.