muşakgat at

Kynçylyk, azap, görgi, azar.

  • Tebigatyň muşakgatlaryna garşy alynyp barylýan gyzgalaňly göreş barha güýçlenýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

muşakgat çekmek

Horluk görmek, azap, kynçylyk görmek.

  • Ýedi gün Garagumda ýol ýöräp, sansyz muşakgatlar çekipdir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

muşakgat ýagdyrmak

Kynçlykly ýagdaý, gaýgy, döretmek gaty kyn edip görkezmek.

  • Pökgen ýüz muşakgat ýagdyryp, öz ýüregindäki howsalasyny beýan etdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ýeri heleý, muşakgat ýagdyrmasana! (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)