monty

Üzümiň togalak iri sorty.

  • Suwy ýaňy süýjän monty üzümi dadyp görüpdi. («Mydam Taýýar» gazeti)

  • Gelin barmak, monty-üzümiň tüýsi, Mizelen bol bitýär biziň ýerlerde. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem monty - montuda, montular, montusy.