monjuk

[mo:njuk]

Gymmatly daşjagazlardan, jäjeklerden, çüýşeden we ş. m. ýasalýan, ýüpe düzülip boýna, saça dakylýan bezegi.

  • Üzümler hakyt monjugyň çagdamy ýoly ýylpyldaşýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Saç monjugy, saç ujundaky düwmeleri otursa-tursa şaňňyrdy bilen ses etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem monjuk - monjugy.