mojuk mo‧juk

Erbet, gödek, murdar.

  • Sen näme üçin beýle mojuk ýalňyşlara ýol berdiň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Myrat işiň mojukdygyny dessine aňdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Üzlem-saplam çykýan mojuk sesiň yzy kesilmeýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mojuk - mojugy.


Duş gelýän formalary
  • mojukdan
  • mojukdygyny