mis mis at

[mi:s]

  1. Himiýa Gyzgylt reňkli ýumşak metal, himiki element.

    • Müsür bilen Gyzyl deňziň arasyndaky çöllükden mis we altyn tapýardylar. (Gadymy dünýä taryhy)

  2. Därä ot düşürmek üçin peşäniň düýbüne oturdylýan enjam, jam.

gulagy mis ýaly bolmak

seret gulak

  • Olar şeýle assa gürrüň ediýärdiler welin, eger üç ädim ýakynlarynda duran adamyň gulagy mis ýaly bolaýmasa olaryň sözünden many aňşyryp biljek däldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

misi ýarylmak

Gahary gelmek, ot almak.


Duş gelýän formalary
  • misde
  • misden
  • misdir
  • mise
  • misi
  • misini
  • misiň
  • misiňi
  • misiňki
  • misler
  • misli
  • misligine
  • mislime
  • mismi