miras

[mi:ra:s]

  1. Nesilden nesile geçýän mal-mülk.

    • Ata-baba miras paýlanşygynda ýeten iki tanap boş ýeri we ýigrimi günden aýlanyp nobaty gelýän ýarym sagat suwy-Orsgeldiniň bar mülki --baýlygy hem sulardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Olar indi ol mirasy öz çagalaryna dakmalydyrlar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Öňki ötüp geçen nesillerden galan medeniýet, durmuş baýlygy, ýadygärligi.

    • Magtymgulynyň edebi mirasyna biziň ýurdumyzda uly hormat goýulýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)