mesge

Süýtden ýa-da gatykdan ýaýylyp alynýan ýag.

  • Süýt, mesge, ýumurtga, ýüň tabşyrmakda-da biz planymyzy artygy bilen doldurdyk. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Et, süýt, mesge, ýumurtga we un önümleri bilen üpjün edilýärler. («Sowet Türkmenistanyň Aýallary» žurnaly)

mesgeden ýugrulmak

Mylaýym, ýakymly bolmak, ýumşak bolmak.

  • Ol bir mesgeden ýugrulan süňksüz ýigit ekeni. («Tokmak» žurnaly)