mes

  1. Şähdaçyk, keýpi kök, gurgun.

    • Soň gürgünleşeris, eje, kakamdan mes adam ýok, mallar hem gurat! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Biz gaty mes! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Örän gurply bolan, barly, baý.

  3. Semiz, ot-iýmden hor bolmaýan.

    • Oslagsyz takyrdy mes gatyrlary ürküzdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bu ýerde mes atlar başyn tutun dik, hatar arasynda çekdi okuçnik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Bol hasyl berýän, gurply, tebigy minerala baý. (ýer hakda).

    • Rim imperiýasynyň mes toprakly ýerleri olaryň gözlerini gyzdyryndyr. (Orta asyrlar taryhy)

    • Ýerleri mes ediň, düküp döküni, akpagtadan kän hasyllar alalyň. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Ýorunja biziň arryk düşen ýerlerimizi mes eder. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  5. Gepleşik dili Melul, pýan, serhoş.


Duş gelýän formalary
  • mesdi
  • mese
  • mesedi
  • mesem
  • mesi
  • mesin
  • mesinden
  • mesine
  • mesini
  • mesiniň
  • mesiň
  • meslem
  • mesler
  • mesleriň
  • meslige
  • mesligem
  • mesligi
  • mesligime
  • mesliginden
  • mesligine
  • mesligini
  • mesliginiň
  • mesligiň
  • meslik
  • meslikde
  • meslikden
  • meslikdendir
  • meslisinde