merkez

  1. Matematika Çyzyklaryň, taraplaryň kesişýän nokady.

    • Töweregiň merkezi.

  2. Döwletiň hökümet merkezi edalarynyň ýerleşen baş şäheri-paýtagt.

    • Men olaryň bu işlerine ýol bermen, merkeze çenli giderin! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Aşgabat şäheri Türkmenistanyň mekezidir.

  3. Bir zadyň ortasy, orta bölegi.

    • Ol ýer şäher merkezine ýakyn bolup galyndyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  4. Ähmiýetli punkt, bir zadyň jemlenen ýeri.

  5. Ýokary ýolbaşçy organlar.

    • Merkeziň görkezmeleri ýerine ýetirilýär.