merdemsi

Çydamlyrak, batyrrak.

  • Onuň sahnadaky sabyrly hereketleri, paýhasly düşündirişleri mugthorlaryň syrlaryny, hile-mekirliklerini daýhanlaryň arasynda paş edýän merdemsi sözleri tomaşyçyny begendirýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Par tutanlar ýüzlerini dik tutup, merdemsi gadam urýarlar. («Mydam Taýýar» gazeti)

  • Ene onuň merdemsi sözlerini nebsewürlik bilen diňleýärdi. (M. Gorkiý, Ene)

  • Mawyryň aňyrdan gelşi onuň keşbi halnazaryň gözüne bir tarapdan, ynjyly bolsa, ikinji ýandan, merdemsi göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)