menzil

  1. seret mezil

    • Ýoluň özi kyrk-elli metrden uzun hem däl welin, düýe janawarlar üçyn ýedi menzil çöl çökenden-de agyr boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ýolundan sowulyp menziller aşsa, soň yzyňy tapmak kyn bor azaşsa. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Düşelge, gonalga, duralga.

  3. seret mekan

    • Onda asla ýokdy ne menzil, ne tam. (A. S. Puşkin, Ertekiler)

menzilsiz-medenesiz

Öýsüz öwzarsyz ilsiz menzilsiz-medenesiz duralgasyz adam.