melul

[melu:l]

  1. Näsag görnüşinde bolan, bir ýeri agyrmak zerarly keýpsiz bolan, tutuk adam.

    • Eger ýataýsaň hem, ysyň-kokuň derdinden melul bolýaň. («Tokmak» žurnaly)

    • Ol yssynyň derdinden melul bolan ukuly başyny galdyryp, garşysyndan çykan ýolagçylara seredýär. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Göwni çökgün, gaýgyly, harasatly, tukat.

    • Melul etdi ýaman habar, Oýamydy ýa-da düýşi?! (Çary Aşyr, Poemalar)

    • Görogly melul bolup durýardy. («Görogly» eposy)